Halaç etrabynda agyz suwy zawodynyň ulanyşa girizilmegine taýýarlanylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halaç etrabynda agyz suwy zawodynyň ulanyşa girizilmegine taýýarlanylýar
Tehnologiki görkezijilere laýyklykda, suwy birnäçe gezek arassalamak, durlamak, süzgüçden geçirmek hem-de zyýansyzlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda täze agyz suwy zawodynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Zawod Amyderýadan gözbaş alýan Esenmeňli kanalynyň golaýynda guruldy.

Toplumyň kuwwaty gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny çykarmaga niýetlenendir. Tehnologiki görkezijilere laýyklykda, suwy birnäçe gezek arassalamak, durlamak, süzgüçden geçirmek hem-de zyýansyzlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Desga “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky Baş maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda guruldy. 

Ilatly nokatlara çenli umumy uzynlygy 80 kilometr bolan suw geçiriji ulgamlaryň düzüminiň gurnalmagy bilen, ýurduň Gündogar sebitinde ýene bir arassa agyz suwy zawody peýda bolar.

Häzirki günde döwrebap agyz suwy zawody welaýatyň Köýtendag, Çärjew, Farap, Hojambaz etraplarynda we iri desga Türkmenabat şäherinde işleýär. Darganata, Dänew, Sakar we Döwletli etraplarynda bolsa, agzalan zawodlara meňzeş desganyň gurluşygy dowam edýär.