“Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Uztreýd” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin “ISUZU” kysymly awtobuslary ibermek boýunça ylalaşyk gazanyldy. Aşgabatda şenbe güni geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 15-nji mejlisinde bu barada aýdyldy.
Mejlisiň barşynda Özbegistanda öndürilen beýleki kysymly awtotehnikalary hem Türkmenistana ibermäge hemme mümkinçilikleriň bardygy hem bellenildi.
Mejlisde iki ýurduň arasyndaky ulag we üstaşyr ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we gümrük işlerini ýeňilleşdirmegiň mümkinçilikleri barada bellenip geçildi. Taraplar “Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman” halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek barada Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Toparyň mejlisi tamamlanandan soň, gol çekilen Teswirnama laýyklykda, Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri Özbegistandan bolan hyzmatdaşlary bilen bilelikde ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmegiň anyk çärelerini bellediler.
Türkmen tarapynyň wekilleri özbek hyzmatdaşlaryna, olaryň ýurduna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň karbamid, kükürt kislotasy, bişofit hem-de himiýa senagatynyň beýleki önümlerini ibermegiň mümkinçilikleri barada habar berdiler.
Telekeçilik ulgamynda işewür gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmen-özbek işewürler geňeşini geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.
22-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow toparyň türkmen tarapyndan bolan düzümini tassyklapdy.
Türkmenistanyň Prezidenti 28-29-njy noýabr aralygynda goňşy Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar.