Aşgabatda şäherinde duşenbe güni iki günlük “Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek” hem-de “AHHG-niň guramaçylyk we hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny” (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň üçünji duşuşygy başlady.
Duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly sebitleýin maksatnamasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi (CAREC) bilen bilelikde amala aşyrylýan Ýewropa Bileleşiginiň “Merkezi Aziýada Neksus Dialog” atly taslamasynyň goldaw bermeginde AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guraldy.
Sebit iş toparynyň mejlisine Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň, AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Mejlisiň ilkinji güni gatnaşyjylar Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze maksatnamasy (ADSM-4) babatda täze tekliplere seredip geçdiler hem-de sosial-ykdysady we ekologiýa ugurdaky degişli meseleler barada pikir alyşdylar.
Gatnaşyjylar Türkmenistanyň AHHG başlyklyk etmeginiň çäklerinde amala aşyrylýan çäreleriň netijeliligi barada aýdyp, sebitde Aral çökgünligi bilen bagly dörän suw hojalygy, sosial-ykdysady we ekologiýa meseleleri çözmäge gönükdirilen öňki maksatnamalaryň üstünligini bellediler.
ADSM-4-e girizmek üçin AHHG-ni esaslandyryjy ýurtlar hem-de olaryň halkara hyzmatdaşlary tarapyndan Maksatnamanyň dört ugruny gurşap alýan teklipleriň 140-a golaýy taýýarlanyldy. Sebit iş toparynyň şu ýylyň iýulynda Aşgabatda geçirilen duşuşygynyň barşynda şol tekliplerden ileri tutulýan taslamalaryň 36-sy seçilip alyndy. Bu taslamalar gutarnykly işlenildi hem-de ADSM-4-i taýýarlamak boýunça iş toparynyň iki günlük mejlisiniň gün tertibine ylalaşmak üçin girizildi.