ADT dokama däl önümiň döwrebap görnüşini öndürer

BIZNES TÜRKMENISTAN
ADT dokama däl önümiň döwrebap görnüşini öndürer
ADT Türkmenistanda ilkinji ýumşak oýunjak öndürijisi hökmünde hem öňe saýlanýar.

Aşgabadyň dokma toplumy (ADT) öz önümçilik görnüşini hollofaýber dokama däl önümi bilen giňeldýär. Toplumda polipropilen süýümlerden taýýarlanýan berk topjagaz görnüşli hollofaýber öndürýän enjam ýerleşdirildi.

“Ball Fiber Machine” kompaniýasynyň tehnologiýasy täze nesil dokama däl önümi almaga mümkinçilik berer. Hollofaýber içi boş burmaly sintetiki süýümlerden öndürilýär.

ADT hallofaýber önümlerini çagalar üçin ýumşak oýunjaklaryň önümçiliginde ulanylar. Doly awtomatiki usulda işlejek gurnamanyň innowasion önümleri ýokary derejeli harytlaryň çykmagyny üpjün eder. Kärhanada ýerli çig maldan ýyllyk 200 tonna bu sintetikany öndürmek meýilleşdirilýär.

Toplum ýaňy-ýakynda Türkmenistanda ilkinji organik önümleri öndürmäge başlapdy. Şeýle hem bu toplum Türkmenistanda ilkinji ýumşak oýunjak öndürijisi hökmünde hem öňe saýlanýar. ADT-niň bölümlerinde zähmet çekýän 2,800-den gowrak işgäriň aglaba bölegi zenanlar bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022