“Stambul prosesine” gatnaşyjylar Owganystanyň ykdysadyýetiniň meselelerine seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Stambul prosesine” gatnaşyjylar Owganystanyň ykdysadyýetiniň meselelerine seretdiler
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar taslamalaryň we ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyna seredip geçdiler.

Aşgabat şäherinde anna güni Owganystana ýardam bermek boýunça Stambul prosesiniň çäklerinde “Sebit infrastrukturalary” atly ynamy berkitmek çärelerine gatnaşýan ýurtlaryň sebitara tehniki toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.

Bu mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçylary we wekilleri, “Stambul prosesine” gatnaşyjy döwletleriň, şeýle-de bu başlangyjy goldaýan halkara guramalaryň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Owganystanda howpsuzlygy we durnuklylygy kesgitleýän faktor bolup hut infrastruktura taslamalarynyň çykyş edýändigini belledi.

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurulmagy ýaly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine milli derejede uly üns berilýändigi aýdyldy.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar taslamalaryň we ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyna seredip geçdiler, sebitdäki häzirki ýagdaý barada pikir alyşdylar hem-de “Stambul prosesiniň” esasy maksadyny – sebit hyzmatdaşlygyny geljekde ösdürmek, gepleşikleriň we ynamy berkitmek çäreleriniň üsti bilen Owganystan bilen bagly ykdysady we syýasy gatnaşyklary amala aşyrmak işlerini dowam etmek hakynda ylalaşdylar.

“Stambul prosesi” Aziýa ýurtlarynyň Owganystan bilen howpsuzlyk we ykdysady hyzmatdaşlyk saklamak boýunça hökümetara guramasydyr. Gurama 2011-nji ýylda esaslandyrylyp, oňa 15 ýurt agza bolup durýar. Şeýle hem “Stambul prosesine” 17 ýurt we BMG, NATO, ÝHHG ýaly guramalar goldaw berýär.