“Türkmendemirönümleri” kärhanasynda 143 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmendemirönümleri” kärhanasynda 143 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi
“Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy 2009-njy ýylda ulanylmaga berildi.

“Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň işgärleri şu ýylyň geçen on aýynda 143 million 430 müň manatlykdan gowrak dürli ölçegdäki demir önümlerini öndürdi.

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki demir önümlerini öndürýän kärhanada on aýda göz öňünde tutulan meýilnama 33,5 göterim artyk ýerine ýetirildi.

Kärhanada öndürilýän ýokary hilli demir önümleri şertnamalar esasynda ýurduň çäklerinde giň möçberde alnyp barylýan gurluşyklara bökdençsiz ugradylýar.

Owadandepe senagat zolagynda metal we dürli armaturalaryň önümçiligini ýerine ýetirýän “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy 2009-njy ýylda ulanylmaga berildi.

2017-nji ýylyň iýul aýynda “Ülke” hususy kärhanasynyň we “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň hünärmenleri ilkinji gezek emeli grafit öndürdiler.

2022