“Vitol” Noworossiýsk porty arkaly türkmen nebit önümlerini eksport eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Vitol” Noworossiýsk porty arkaly türkmen nebit önümlerini eksport eder
Nebit önümleri Hazar deňzinden geçip, Russiýanyň demir ýol toruny ulanmak arkaly Noworossiýsk portuna barar.

“Vitol” kompaniýasy şu aýdan başlap, Türkmenistanda gaýtadan işlenilen ýangyç mazudyny we dizeli Russiýanyň Noworossiýsk portunyň üsti bilen eksport etmäge başlar.

“Reuters” agentliginiň söwda bilermenlere salgylanyp berýän habaryna görä, kompaniýa bu ugur boýunça dekabr aýynda ilkinji barlag ýüküni ugratmagy meýilleşdirýär. Habarda “Vitol” kompaniýasynyň öňümizdäki ýyl 500,000 tonna golaý türkmen nebit önümlerini eksport etmegine garaşylýandygy aýdylýar.

Nebit önümleri Hazar deňzinden geçip, Russiýanyň demir ýol toruny ulanmak arkaly Noworossiýsk portuna barar.

“Reuters” agentliginiň Russiýanyň demir ýol ulgamyndan alan maglumatyna görä, dekabr aýynda 20,000 tonna ýangyç mazudynyň we 25,000 tonna dizeliň Mahaçkala demir ýol menzilinden Noworossiýsk portuna äkidilmegine garaşylýar.

“Vitol” kompaniýasynyň direktory Rassel Hardi oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2019” (OGT 2019) halkara maslahatynda uglewodorod serişdeleriniň we nebit önümleriniň halkara söwdasynda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen Türkmenistan bilen bilelikdäki kärhanany döredendiklerini aýtdy.

Dünýäniň esasy nebit-gaz söwda kompaniýalarynyň biri bolan “Vitol” Türkmenistan bilen 20 ýyldan gowrak wagt bäri hyzmatdaşlyk saklaýar. Kompaniýa Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatyny kämilleşdirmek işlerine hem gatnaşdy.

Kompaniýa 1966-njy ýylda Nederlandiýanyň Rotterdam şäherinde esaslandyryldy. Dünýä ýüzünde 40 şahamçasy bolan “Vitol” esasy amallaryny Ženewa, Hýuston, London, Rotterdam we Singapur şäherlerindäki ofisleriniň üsti bilen ýerine ýetirýär.

“Vitol” kompaniýasynyň 2018-nji ýyldaky dolanşygy 231 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022