Türkmen-katar diplomatlary söwda öýlerini döretmek boýunça tekliplere seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-katar diplomatlary söwda öýlerini döretmek boýunça tekliplere seretdiler
Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady ulgamyndaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak Abdurrahman Mubarak Al-Nasr bilen sişenbe güni duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerinde esaslandyrylan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamyndaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-katar Hökümetara toparynyň möhüm ähmiýeti barada aýdylanda, taraplar söwda öýlerini döretmek hem-de sergileri we ýarmarkalary geçirmek boýunça tekliplere seretdiler.

Şu ýylyň 13-nji noýabrynda täze bellenen Kataryň diplomaty Daşary işler ministri bilen duşuşypdy.