Aşgabatda Maýkl Jeksona bagyşlanyp geçirilen konsert gaýtalanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Maýkl Jeksona bagyşlanyp geçirilen konsert gaýtalanar
Tahyr Ataýewiň kirişli orkestri we birnäçe wokalistleriň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen çykyşlara talabyň ýokary bolanlygy üçin çäre gaýtadan geçiriler.

Ýekşenbe güni “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Maýkl Jeksona bagyşlanyp geçirilen konsert 8-nji dekabrda ikinji gezek gurnalar.

Tahyr Ataýewiň kirişli orkestri we birnäçe wokalistleriň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen çykyşlara talabyň ýokary bolanlygy üçin çäräniň gaýtadan geçiriljekdigi barada orkestriň internet sahypasynda mälim edildi.

“Tomaşaçylaryň şowhunyndan ugur alyp, biziň konsertimiziň olara ýarandygyny aýtmak bolar” diýip, konsertiň gurnaýjylaryndan Tahyr Ataýew “Türkmenistan: Altyn Asyr” neşirine aýtdy.

Pop aýdym-saz medeniýetiniň “Şasyna” bagyşlanyp gurnalan birinji konsertde Bahar Durdyýewa, Aýnur Mahmydowa, Maýa Maksudowa we Döwran Şammyýew Jeksonyň eserlerini ýerine ýetirdiler. Çäre “Thriller” kompozisiýasy bilen açyldy.

Birinji konsertiň biletleri birnäçe gün öňünden gutardy. 8-nji dekabrdaky ikinji konsert Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň Medeniýet öýünde, sagat 18.00-da geçiriler.

Tahyr Ataýewiň kirişli orkestri awgust aýynda meşhur “Queen” toparynyň eserlerine bagyşlanan konsert geçiripdi.

Ikinji konsertiň biletleri 40 we 50 manatdan satylýar. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022