Geçen duşenbe “Amazon”-yň taryhynda iň köp söwda edilen gün boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Geçen duşenbe “Amazon”-yň taryhynda iň köp söwda edilen gün boldy
Minnetdarlyk gününden duşenbä çenli alyjylar ýüzlerçe million haryt sargyt etdi.

Duşenbe güni “Amazon” elektron söwda platformasynyň taryhynda iň köp söwda edilen gün boldy.

Kompaniýa tarapyndan sişenbe güni ýaýradylan beýanata görä, Minnetdarlyk gününden duşenbä çenli alyjylar ýüzlerçe million haryt sargyt etdi.

“Ajaýyp anna” adalgasynyň onlaýn söwda platformalary üçin ulanylýan görnüşi bolan “Kiber duşenbe” (Cyber Monday) arzanladyşlarynyň şu ýylky sanynda 25 ýyllyk kompaniýanyň sargytlary rekord derejä çenli ýokarlandy.

Dört günüň dowamynda “Amazon”-dan sargyt edilen harytlaryň arasynda kompaniýanyň öz önümleri öňe saýlandy; “Echo Dot” kolonkasy we telewizorlar üçin niýetlenen “Fire TV Stick 4K” enjamy sargyt edilen esasy harytlaryň arasynda.

Anna we duşenbe günleriniň arasynda platformanyň üsti bilen satylan oýunjak mukdary ozalky oýunjak satyşlarynyň jeminden has ýokary boldy.

“Adobe Analytics”-iň maglumatlaryna görä, “Kiber duşenbe” arzanladyşlarynyň dowamynda 9.2 milliard dollarlyk haryt satyldy. Geçen ýyla görä, 17% ýokary bolan satyşlaryň 33%-ni akylly telefon üpjün etdi. 

“Ajaýyp anna” satyşlarynyň mukdary 7.4 milliard dollara barabar bolup, geçen ýyla görä 20% artdy.