Türkmen-rumyn gepleşiklerinde Hazar – Gara deňiz ugry taslamasyna üns çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-rumyn gepleşiklerinde Hazar – Gara deňiz ugry taslamasyna üns çekildi
Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde çarşenbe güni Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar goňşuçylygy ýurtlary bilen gatnaşyklar müdirliginiň Baş direktory hanym Adriana Staneskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar, ulag we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça iki ýurduň DIM-niň düzümleýin bölümleriniň ýolbaşçylary derejesindäki geňeşmeleriň üstünlikli geçirilendigi barada aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn dinamikasyny kanagatlanarly belläp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Hazar deňzi – Gara deňiz halkara ulag ugruny döretmegiň taslamasyna aýratyn ünsi çekdiler.

Şeýle hem taraplar 2020-nji ýylyň dowamynda ýokary derejeli saparlary hem-de 2020-nji ýylyň 1-nji ýarymynda rumyn parlamentiniň agzalarynyň Türkmenistana saparyny gurnamak mümkinçiligini öwrenmek boýunça ylalaşdylar.

2022