“Türkmen-Tranzit” kiberhowpsuzlyk boýunça okuw maslahatyny geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen-Tranzit” kiberhowpsuzlyk boýunça okuw maslahatyny geçirdi
Okuw maslahatynyň dowamynda amaly tejribeler hem geçirilip, hyzmatdaşlyk saklamak boýunça soraglar barada pikir alşyldy.

“Türkmen-Tranzit” kompaniýasy duşenbe güni Aşgabadyň “Arçabil” myhmanhanasynda kiberhowpsuzlyk boýunça okuw maslahatyny geçirdi. Maslahata bank ulgamynyň hünärmenleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Türkmen-tranzit” daşary ýurtly hyzmatdaşy “MUK International” kompaniýasy bilen “Check Point Software Technologies Ltd.” kompaniýasynyň internet-howpsuzlygy boýunça programmalarynyň prezentasiýasyny görkezdi.

“Check Point Software Technologies Ltd.” ysraýyl kompaniýasy torlar, maglumatlar we toruň soňky nokatlary üçin umumy dolandyryş düzümi bolan gorag serişdeleri bilen üpjün edýär.

Okuw maslahatynyň dowamynda amaly tejribeler hem geçirilip, hyzmatdaşlyk saklamak boýunça soraglar barada pikir alşyldy.

2010-njy ýylda esaslandyrylan “Türkmen Tranzit” kompaniýasy şu ýylyň mart aýynda öz düzüminde kiberhowpsuzlyk bölümini açdy.

Türkmenistanyň “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Kanunynyň taslamasyna 6-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çekildi.