“Türkmengaz” italýan kompaniýasy bilen 13 million dollarlyk şertnama baglaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengaz” italýan kompaniýasy bilen 13 million dollarlyk şertnama baglaşdy
TOPH-niň türkmen böleginiň tehniki görkezijileriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin “RINA” kompaniýasyndan 50 işgär “Türkmengaz” bilen bilelikde işlär.

“Türkmengaz” döwlet konserni Italiýanyň RINA kompaniýasy bilen ABŞ-nyň 13 million dollaryna barabar bolan şertnama baglaşdy.

Kompaniýanyň çarşenbe güni ýaýradan maglumatyna görä, RINA Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň 214 kilometrlik türkmen böleginiň we iki sany gaz gysyjy stansiýanyň gurluşygynda tehniki maslahat beriş hyzmatyny berer.

TOPH-niň türkmen böleginiň tehniki görkezijileriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin RINA kompaniýasyndan 50 işgär “Türkmengaz” bilen bilelikde işlär.

Degişli şertnamany baglaşmaga taýýarlyk görülýändigi barada 6-njy noýabrda Milan şäherinde geçirilen türkmen – italýan işewürler maslahatynda RINA kompaniýasynyň direktory Stefano Soççi mälim edipdi.

Türkmenistanda 2010-njy ýylda şahamçasyny açan italýan kompaniýasy 2018-nji ýylda TOPH bilen bagly geçirilen tenderi ýeňmegi başardy.

RINA kompaniýasy Türkmenistanda 30-dan gowrak taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdy.

Häzirki wagtda dünýäniň 70 ýurdunda 200 şahamçasy bolan RINA kompaniýasynyň geçen ýylky dolanşygy 440 million ýewro barabar boldy.

2022