Brýusselde Türkmenistan–ÝB parlamentarileri täzelenen sebit Strategiýasyna seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Brýusselde Türkmenistan–ÝB parlamentarileri täzelenen sebit Strategiýasyna seretdiler
Mejlisde ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täzelenen Strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine aýratyn üns berildi.

Brýusselde duşenbe güni 5-nji Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Parlamentara mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň Mejlisinden wekiliýet gatnaşdy.

Parlamentara mejlisiniň iş sessiýasyna Ýewropa Parlamentiniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy F.Martuşiýello hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda milli kanunçylyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, parlamentleriň işindäki häzirkizaman oňyn dünýä özgertmeleriniň öwrenilmegi we olaryň milli derejede sazlaşykly ornaşdyrylmagynyň gazanylmagy giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda ykdysady we durmuş ulgamyndaky özgertmeler, raýat jemgyýeti hem-de adam hukuklary ulgamynda hemmetaraplaýyn özara hereketleri giňeltmegiň meselelerine seredilip geçildi.

Şeýle-de ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täzelenen Strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine aýratyn üns berildi. Sebit derejesinde howpsuzlygyň üpjün edilmegi, Owganystandaky ýagdaýlar, terrorçylyga we ähli ýüze çykmalarynda ekstremizme hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek maslahatyň aýratyn temasy boldy.

Taraplar şeýle-de energetika we ulag ulgamyndaky sebitleýin infrastruktura taslamalary bilen birlikde ekologiýa syýasatynyň meselelerine hem seredip geçdiler.

2022