“Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” Baku portuna kükürt ugradar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” Baku portuna kükürt ugradar
Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gowşan täze konteýner arkaly Baku portuna ilkinji ýükleri ugratmak boýunça häzirki wagtda guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

“Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Baku portuna kükürt çig malyny ibermäge taýýarlanýar.

“Balkan” gazetiniň habar bermegine görä, golaýda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gowşan täze konteýner arkaly Baku portuna ilkinji ýükleri ugratmak boýunça häzirki wagtda guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

“Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” sygymlylygy 14 tonna barabar bolan täze ýumşak konteýnerlerde eksporta iberilýän kükürdi multimodal görnüşde barmaly nokadyna ýetirmekde amatly usullary işläp taýýarlaýar.

"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň iýul aýynda gol çeken Karary esasynda döredildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022