OPEC ýurtlary we hyzmatdaşlary nebit önümçiligini azaltmak boýunça ylalaşyga geldiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
OPEC ýurtlary we hyzmatdaşlary nebit önümçiligini azaltmak boýunça ylalaşyga geldiler
Gurama gatnaşyjy we gurama agza bolmaýan nebit öndüriji ýurtlaryň ministrleriniň 7-nji duşuşygynda degişli netije gazanyldy.

Nebit eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEC) we hyzmatdaşlary 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde gündelik öndürilýän nebitiň mukdaryny goşmaça 500,000 barrelden gowrak azaltmak boýunça ylalaşyga geldiler.

OPEC-iň habar bermegine görä, gurama gatnaşyjy we gurama agza bolmaýan nebit öndüriji ýurtlaryň ministrleriniň anna güni Wena şäherinde geçirilen 7-nji duşuşygynda degişli netije gazanyldy. Şeýlelikde, nebit öndüriji ýurtlaryň gündelik önümçilik mukdary umumylykda 1.7 million barrele çenli azalar.

Geçen ýyl geçirilen 175-nji OPEC konferensiýasynda we ministrleriň 5-nji duşuşygynda gazanylan ylalaşygyň möçberi önümçiligi gündelik 1.2 million barrel azaltmakdy.

Täze ylalaşyk 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 2016-njy ýylda kabul edilen OPEC-iň hyzmatdaşlyk boýunça Deklerasiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda güýje girer.

Gündelik nebit önümçiligini OPEC-e agza ýurtlar 372,000 tonna, gurama agza bolmaýan hyzmatdaş ýurtlar bolsa 131,000 tonna azaldar. Saud Arabystany Patyşalygy (167,000 tonna) we Russiýa Federasiýasy (70,000 tonna) bu ugurda öňdebaryjy ýurtlar bolar.

1960-njy ýylda esaslandyrylan OPEC guramasyna häzirki wagtda Alžir, Angola, Kongo, Ekwador, Ekwatorial Gwineýa, Gabon, Eýran, Yrak, Kuweýt, Liwiýa, Nigeriýa, Saudy Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Wenezuela ýurtlary agza bolup durýar.

Önümçiligi azaltmak boýunça degişli işleri geçirjek gurama agza däl ýurtlaryň hataryna Azerbaýjan, Bahreýn, Bruneý, Gazagystan, Malaýziýa, Meksika, Oman, Russiýa, Sudan we Günorta Sudan girýär.