Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki “Balkandokma” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde öndürilýän nah ýüplükleriň mukdary geçen 11 aýda 4 müň 423 tonnadan ybarat boldy. Önümçilik geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 104 göterime çenli ýokarlandy.
“Balkandokma” tarapyndan ýanwar–noýabr aýlarynda öndürilen nah ýüplükleriň pul hasaby 47 million manatlyk bolup, ösüş depgini 121 göterime ýetdi.
Ýurduň dürli welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilen pagtadan ýokary hilli ýüplük önümlerini öndürýän “Balkandokma” ÝGPJ 2004-nji ýylda ulanyşa berildi. Önümçilik desgasynda häzirki gün jemi 645 hünärmen zähmet çekýär.
Jemi 20 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýän “Balkandokma”-da önümçilik ekologiýa howpsuzlygy babatda talabalaýyk ýola goýlan. Toplumyň önümçilik kuwwaty bolsa, ýylyň dowamynda 13 müň tonna pagta süýüminden 11 müň tonna nah ýüplük almak üçin niýetlenen.
Kärhananyň önümleri bu gün diňe bir içerki bazara däl, Türkiýäniň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň bazarlaryna ugradylýar.