“Xerox” HP-ni almak bilen satyşlarynyň $1.5 milliard ýokarlanjakdygyna ynanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Xerox” HP-ni almak bilen satyşlarynyň $1.5 milliard ýokarlanjakdygyna ynanýar
Printer öndüriji “Xerox” HP-ni satyn almak bilen bilelikdäki kompaniýanyň dolanşygynda 1.5 milliard ABŞ dollaryna çenli ösüş gazanyljakdygyna ynanýar.

Printer öndüriji “Xerox” kompaniýasy HP-ni satyn almak bilen bilelikdäki kompaniýanyň dolanşygynda 1.5 milliard ABŞ dollaryna çenli ösüş gazanyljakdygyna ynanýar. “Xerox” kompaniýasynyň duşenbe güni ýaýradan HP paýdarlaryna gönükdirilen maglumatnamasynda bu barada mälim edilýär.

“Xerox” degişli ösüşiň üç ýyllyk maksatnamanyň esasynda gazanylyp bilinjekdigini aýdýar. Täze geleşigiň birinji ýylynda bilelikdäki kompaniýanyň erkin nagt pul akyşynyň 4 milliard ABŞ dollaryndan geçmegine garaşylýar.

Printer öndürijisi tarapyndan teklip edilýän maksatnama bar bolan müşderilere goşmaça önümleri satmak arkaly 540-750 million ABŞ dollary aralygynda, önümçilik we dilerlik ösüşinden 50-100 million ABŞ dollary aralygynda, HP-niň önümlerini “Xerox”-yň hyzmatlaryna ýerleşdirmek arkaly 350-400 million ABŞ dollary aralygynda girdeji gazanmagy öz içine alýar.

Duşenbe güni HP-niň paýnama bahasy 20.50 ABŞ dollaryna, “Xerox”-yňky bolsa, 37.99 ABŞ dollaryna deň boldy.

Geleşik tamamlanan ýagdaýynda HP maýadarlarynyň paýnamalarynyň gymmatynyň 31 ABŞ dollaryna barabar bolmagyna garaşylýar.

HP noýabr aýynda “Xerox” kompaniýasynyň her paýnama 22 ABŞ dollarlyk teklibini ret edipdi.

2022