Garabekewüliň senagat kärhanasy 7 million 963 müň manatlyk önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Garabekewüliň senagat kärhanasy 7 million 963 müň manatlyk önüm öndürdi
Garabekewül şäherçesindäki senagat kärhanasynda şu ýylyň 11 aýynda 7 million 963 müň manatlykdan gowrak dokma we tikin önümleri taýýarlanyldy.

Lebap welaýatynyň Garabekewül şäherçesindäki senagat kärhanasynda şu ýylyň 11 aýynda 7 million 963 müň manatlykdan gowrak dokma we tikin önümleri taýýarlanyldy.

Ýanwar – noýabr aýlaryna niýetlenen tabşyrygy 178 göterime golaý berjaý eden kärhanada geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 137 göterimden gowrak ösüş gazanyldy.

Senagat kärhanasy geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri hereket edip, harby we hukuk goraýjy işgärleriniň lybaslaryny, ululara we çagalara niýetlenen dürli görnüşli eginbaşlary, şeýle hem dokma pudagynyň beýleki önümlerini öndürýär.

Häzirki wagtda kärhanada 116 işgär zähmet çekýär. Taýýarlanylýan önümlerde ulanylýan çig mal Aşgabat, Ruhabat dokma toplumlaryndan, “Gap Türkmen” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň jinsi toplumyndan, Türkmenabadyň Ýüpek önümçilik birleşiginden getirilýär.

Taýýar önümler Dokma senagaty ministrliginiň Garabekewül şäherçesindäki dükanynda ilata hödürlenýär.

2022