“VINCI” Nusaý galasynyň ýanynda täze myhmanhana gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“VINCI” Nusaý galasynyň ýanynda täze myhmanhana gurar
Täze myhmanhana “Nusaý” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýakynynda ýerleşer.

Fransiýanyň “VINCI” kompaniýasy Aşgabatda täze “Nusaý” myhmanhanasynyň gurluşygyny amala aşyrar. Bu myhmanhana “Nusaý” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýakynynda ýerleşer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş saparynyň dowamynda “VINCI” tarapyndan hödürlenen täze “Nusaý”-yň taslamalaryna seretdi.

Milli Lider taslama bilen içgin tanşyp, ony işläp taýýarlanlara myhmanhananyň bezegi hem-de abadanlaşdyrylyşy boýunça birnäçe maslahatlary we teklipleri berdi. Täze myhmanhana toplumynyň ýerli tebigy landşaft bilen sazlaşyp, onuň aýrylmaz bölegine öwrülmegine aýratyn üns çekildi.

Sişenbe güni, şeýle hem türkmen Lideri “VINCI” kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw-Tibo de Silgini kabul etdi. Gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň barşy barada gürrüň edilip, täze taslamalar barada hem pikir alşyldy.

Häzirki wagtda Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän “Nusaý” myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynda gurluşyk işleri alnyp barylýar. Türkiýäniň “Rönesans” kompaniýasynyň Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda gurýan täze bäş gatly myhmanhana toplumynda otaglaryň 131-si, şol sanda standart, lýuks we VIP derejeli otaglar ýerleşer.

Döwlet Baştutanynyň şu ýylyň 9-njy sentýabrynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewe şäheriň merkezi künjeginde ýerleşýän “Nusaý” myhmanhanasynyň adyny üýtgedip, oňa täze at dakmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrypdy.

Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý şäheriniň hormatyna guruljak adybir myhmanhanada binagärligiň täzeçil çözgütleri we inženerçilik-tehniki pikirlenmeler, milli binagärlik ýörelgeleri, bezeg aýratynlyklary, gadymy Parfiýa şalygynyň binagärlik sungaty öz beýanyny tapar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022