“Çalyk Holding” Türkmenistanda sement zawodlaryny gurmak boýunça bäsleşige çagyryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Çalyk Holding” Türkmenistanda sement zawodlaryny gurmak boýunça bäsleşige çagyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti içerki zerurlyklar üçin we beýleki döwletlere eksport etmek üçin ýene-de azyndan üç sany sement zawodynyň gurulmalydygyny aýdyp, bu ugurda işleri çaltlandyrmagy hem talap etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Döwlet Baştutany sementiň gurluşyk senagatynyň esasy serişdeleriniň biridigini belläp, holdingiň ýolbaşçysyna sement zawodlarynyň üçüsiniň gurluşygy boýunça bäsleşige gatnaşmagy teklip etdi.

Prezident Berdimuhamedow holdingiň täze senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň, ulag, energetika we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky binalaryň gurluşygy boýunça özara bähbitli iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyna ünsi çekdi.

Türkmen Lideri ýurduň halk hojalygy toplumuny senagatlaşdyrmagyň çäklerinde, metallurgiýa pudagynyň ösdürilmeginiň aýratyn orna eýedigini belläp, Diýarymyzda metallurgiýa kombinatyny gurmagyň zerurdygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Döwlet Baştutany kompaniýanyň ýolbaşçysyna Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşyk işlerini bellenilen möhletde we ýokary derejede tamamlamagy tabşyrdy. Şeýle hem energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň taslamalary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti täze saglygy goraýyş desgasynyň — 130 orunlyk Ýanyk şikeslerini bejeriş Halkara merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi. Potratçy kompaniýanyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk lukmançylyk toplumynda gurluşyk işleriniň barşy we depgini barada hasabat berdi.

Bu ýerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara estetiki bejeriş merkeziniň taslama çyzgylary hödürlenildi. “Gap Inşaat” kompaniýasy bu desganyň hem potratçysy bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylary bilen 20-nji noýabrda geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň welaýatlarynda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly üç sany täze sement zawodyny gurmagy tabşyrypdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli maslahatda içerki zerurlyklar üçin we beýleki döwletlere eksport etmek üçin ýene-de azyndan üç sany sement zawodynyň gurulmalydygyny aýdyp, bu ugurda işleri çaltlandyrmagy hem talap etdi. 

2022