Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi belleýär

Türkmenistan Halkara Bitaraplyk gününi belleýär
Penşenbe güni Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halky dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. 

Penşenbe güni Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halky dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. 

TDH-nyň habar bermegine görä, baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi.

Ir bilen beýik binanyň öňünde köp sanly ýaşaýjylar we daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, telekeçiler, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, žurnalistler, ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ýetip gelýän 2020-nji ýylda möhüm sene bellener - Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegine 25 ýyl dolýar.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen gyzgyn hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda geçirilýär.

2022