Awstraliýanyň “Qantas” howa ýollary kompaniýasy 21 sagatlyk Sidneý – London howa gatnawlary üçin Ýewropanyň “Airbus” uçar öndürijisini saýlandygyny mälim etdi.
Howa ýollary kompaniýasy tarapyndan anna güni ýaýradylan beýanata görä, “Sunrise” diýlip atlandyrylýan taslama üçin “Airbus” kompaniýasynyň A350-1000 kysymly uçary ulanylar.
Degişli taslamasynyň durmuşa geçiriljegine ýa-da goýbolsun ediljegine öňümizdäki ýylyň mart aýynda netijelendiriler. Bu möhletiň dowamynda “Qantas” 12 uçary satyn almak boýunça şertnamalary taýýarlar.
Dünýäniň iň uzak dowam etjek howa gatnawyny ýerine ýetirjek A350-1000 uçarynyň ýangyç gory köpeldiler.
Taslamanyň çäklerinde ilkinji uçuşlaryň 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda başlanmagyna garaşylýar. Beýanatda bu howa gatnawyny ýerine ýetirjek uçarmanlar bilen gepleşikleriň dowam edýändigi hem aýdylýar.
“Qantas” toparynyň direktory Alan Joýs uzak aralyga uçmakda tejribeleriniň ýokarydygyny nygtady.
“A350 ajaýyp uçar bolmak bilen, ‘Airbus’ bilen ylalaşygymyz bize täjirçilik, ýangyç ulanylyşy, ýerine ýetiriş hyzmatlary we müşderi tejribesi babatynda iň gowy mümkinçilikleri berýär” diýip, Joýs beýanatda belläp geçdi.
Häzirki wagta dünýäniň iň uzak dowam edýän duralgasyz uçuşyny “Singapore Airlines” ýerine ýetirýär. Singapur – Nýuark aralygynda 19 sagatlap dowam edýän bu howa gatnawynda A350-900 uçarynyň uzak aralyga niýetlenen görnüşi ulanylýar.