Türkmenistanda smart telewizor önümçiligi ýola goýlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda smart telewizor önümçiligi ýola goýlar
“Aýdyň gijeler” şu ýyl birinji synpa baran okuwçylar üçin “elektron kömekçileriň” 70 müň töweregini ýygnady.

“Türkmensenagat” agentliginiň bilelikdäki kärhanasy “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ekranynyň ölçegleri 32 dýum, 42 dýum we 55 dýum bolan smart telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Bu telewizorlarda Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýaş alymlar merkeziniň hünärmenleri tarapyndan düzülen programmany ulanmak meýilleşdirilýän IP-týunerler ornaşdyrylar.

Smart telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, “Aýdyň gijeler” hojalyk hasaplaşyk birleşigi we Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika instituty awgust aýynyň ortalarynda özleriniň hytaýly hyzmatdaşlarynyň ýanynda iş saparynda boldy.

Iş saparynyň dowamynda ýurdumyzda telewizor önümçiligini ýola goýmak üçin gerek bolan enjamlary ibermek bilen baglanyşykly bilelikdäki wezipeleri çözmegiň meselelerine hem seredildi.

“Aýdyň gijeler” şu ýyl birinji synpa baran okuwçylar üçin “elektron kömekçileriň” 70 müň töweregini ýygnady.

Kompaniýa öwrediji kompýuterler bilen bir hatarda termoplast awtomatika boýunça, dürli kuwwatlykdaky energiýa tygşytlaýjy LED-lampalaryny, häzirki zaman ýagtylandyryş enjamlarynyň işini ýerine ýetirýän 60x60, 40x40, 30x30 santimetr ölçeglerdäki asylýan göwrümli LED-potoloklaryny öndürýär. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022