Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämileşdirmek” atly BMG-niň maksatnamasyna gol çekişlik dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynyň habar bermegine görä, resminama gol çekmek dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gatnaşdy.
Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we bu ugurda BMG-niň düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamak boýunça işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar.
Gol çekilen bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramlary bilen BMG-niň degişli edaralarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyny berkitmekde we giňeltmekde hukuk esasyny döreder.
Türkmenistan global Durnukly ösüş maksatlaryny hökümet derejesinde kabul eden ilkinji ýurtlaryň biridir. Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlary Türkmenistanyň milli syýasatynda düýpli ornaşdyrylandyr we häzirki wagtda DÖM-niň köp meseleleri ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli we pudaklaýyn maksatnamalarda öz beýanyny tapýar.