Türkmenistanyň wekiliýeti Bosgunlar boýunça birinji Global Forumyň işine gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň wekiliýeti Bosgunlar boýunça birinji Global Forumyň işine gatnaşýar
Foruma dünýä döwletleriniň ýokary derejeli ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, hususy kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2019-njy ýylyň 17-18-nji dekabry aralygynda BMG-niň Ženewadaky edarasynda geçirilýän Bosgunlar boýunça birinji Global Forumyň işine gatnaşýar.

Foruma dünýä döwletleriniň ýokary derejeli ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, bilermenler, hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri hem-de hususy kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Forumyň açylyş dabarasynyň başynda BMG-niň Baş Sekratary A.Guterreş, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary F.Grandi, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal Geňeşçisi, Daşary işler boýunça Federal Departamentiniň ýolbaşçysy I.Kassis dagylar çykyş etdiler.

Şeýle hem Forumyň açylyş dabarysynda Türkiýäniň we Kosta Rikanyň Prezidentleri, Pakistanyň Premýer-ministri, Efiýopiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary hem-de Germaniýanyň Daşary işler ministri çykyş etdiler.

Türkmenistanyň wekiliýeti Forumyň plenar maslahatynda çykyş edip, Türkmenistanda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini bellemek bilen bir hatarda, Türkmenistanyň BMG-niň esasy halkara hukuk resminamalaryna, Konwensiýalaryna goşulmagy bilen bagly ýurdumyz üstüne alan borçnamalaryny doly berjaý edýändigi barada belläp geçdi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň baştutany çykyşyň dowamynda 2012-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň BMG hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Halkara maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň wajyplygyny nygtamak bilen bir hatarda, halkara jemgyýetçiligi bosgunlara we olary kabul edýän ýurtlaryň hökümetlerine goldawlaryny artdyrmaklyga hem-de Aşgabat Jarnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmäge çagyrdy.

Ženewada iş saparyň dowamynda sişenbe güni Türkmenistanyň wekiliýeti Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Baş direktory Antonio Witorino bilen duşuşdy.

2022