Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda geçiriljek duşuşyga gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgda geçiriljek duşuşyga gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidenti 20-nji dekabrda Sankt-Peterburgda geçiriljek GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji dekabrda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çarşenbe güni geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa boljak saparyň taýýarlygy barada türkmen Liderine hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mundan beýläk-de Arkalaşygyň çäklerinde ýola goýulýan özara hyzmatdaşlyk meselesinde möhüm orny eýelejekdigini belledi we Russiýa Federasiýasyna boljak iş saparyna taýýarlyk meseleleri babatda wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistan 2019-njy ýylda GDA ýurtlaryna başlyklyk etdi. Şeýle-de Aşgabat şäherinde 31-nji maýda GDA-nyň Hökümet Baştutanlary, 11-nji oktýabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlary resmi duşuşyk geçirdi.

2022