“Nike” kompaniýasynyň haryt dolanyşygy artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nike” kompaniýasynyň haryt dolanyşygy artýar
“Nike” kompaniýasynyň haryt dolanyşygy 10 göterime çenli artyp, geçen ýylyň görkezijisi bolan 9.37 milliard dollardan 10.33 milliard dollara ýetdi.

Sport egin-eşikleri pudagynda global lider hasaplanýan “Nike” kompaniýasy penşenbe güni ýaýradan hasabatynda bilermenleriň çaklamaryny geň galdyrdy. Üç aýyň dowamynda noýabr aýynyň ahyryna çenli “Nike” kompaniýasynyň haryt dolanyşygy 10 göterime çenli artyp, geçen ýylyň görkezijisi bolan 9.37 milliard dollardan 10.33 milliard dollara ýetdi we garaşylýan 10.09 milliard dollardan ýokary boldy.

“Ikinji çärýekde “Nike” innowasiýanyň biziň artykmaçlyklarymyzyň biridigini subut etdi. Biz önümleriň köp görnüşlerini hödürlemek bilen bilelikde, türgenlere täzeçil önümler we sanly hyzmatlar barada garaýyşlary hödürleýäris” diýip, “Nike” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Parker penşenbe güni metbugat beýanatynda aýdyp geçdi we kompaniýanyň geljegi barada oňyn netijä garaşmandygyny belledi.

Hasabatda korporasiýanyň haryt dolanyşygynyň hem artýandygy bellenýär. Şeýle-de, elektron satuwyň baýramçylyk günleriniň başlanmagy sebäpli 38 göterime çenli artandygy aýdylýar. “Ajaýyp Anna” arzanladyş möwsüminde Demirgazyk Amerikada elektron satuw 70 göterime ýetendigi hem hasabatda bellenýär.

Kompaniýanyň “Jordan” haryt nyşanly sport aýakgaplarynyň ýyllyk satuwy çärýekde ilkinji sapar milliard dollara ýetendigi maglumatda berilýär. Muňa zenanlaryň arasynda we ABŞ-nyň daşyndaky bazarlarda bolmak bilen bir hatarda, täze innowasiýanyň we sportuň basketbol görnüşine bolan höwesiň artmagy sebäp bolýar.

Hytaýda “Nike” kompaniýasynyň önümlerine bolan islegiň artýandygy we haryt dolanyşygynyň 25 göterim artandygy (1.85 milliard amerikan dollary) hasabatda bellenýär. Ýerli bazarda “Nike”-ň satuwy 5 göterim artdy (3.98 milliard amerikan dollary).

ABŞ-nyň Oregon ştatynda ýerleşýän “Nike” kompaniýasy dizaýn, ösüş, önümçilik pudaklarynda iş alyp barýar. Şeýle-de, dünýä ýüzünde marketingi we aýakgaplaryň, egin-eşikleriň, enjamlaryň, aksesuarlaryň satuwyny ýola goýýar. 2018-nji ýylda kompaniýanyň ýyllyk haryt dolanyşygy 36.4 milliard amerikan dollaryna, ýa-da jemi girdejisi 16 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.