Türkmenistanyň wekiliýeti Madridde howanyň üýtgemegi boýunça maslahata gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň wekiliýeti Madridde howanyň üýtgemegi boýunça maslahata gatnaşdy
Foruma jemi 200 döwletiň wekiliýeti we 100-e golaý halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Oba-hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden wekiliýet 2-13-nji dekabrda Madrid şäherinde geçirilen BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň agza döwletleriniň 25-nji ýubileý maslahatyna gatnaşdy.

Howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen foruma jemi 200 döwletiň wekiliýeti we 100-e golaý halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak, esasan-da, howa çalşygy bilen bagly meseleler, şeýle-de howanyň üýtgemeginiň adama ýetirýän täsiri boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy 1992-nji ýylda Rio-de-Žaneýro şäherinde kabul edilip, 1994-nji ýylda güýje girdi. Häzirki wagtda 180-den gowrak döwlet bu Konwensiýa gol çekdi. Konwensiýanyň indiki maslahaty 2020-nji ýylyň 9-19-njy noýabrda Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçiriler.

2022