Hytaýda “Tesla” kompaniýasynyň elektrik ulagyna bolan isleg artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýda “Tesla” kompaniýasynyň elektrik ulagyna bolan isleg artýar
“Tesla” Hytaýyň bazaryna uly bil baglaýar, sebäbi dünýäde elektrik awtoulaglarynyň satuwynyň 50 göterimine golaýy Hytaýyň paýyna düşýär.

Hytaýda “Tesla” kompaniýasynyň “Model 3” kysymly elektrik awtoulagyna bolan isleg geçen aýda 14 esse artdy. Bu bolsa, kompaniýanyň Şanhaý şäherinde ýerleşýän kärhanasynda “Model 3” kysymyny öndürijilere itergi berer.

“Tesla” kompaniýasynyň ulaglarynyň sargydy geçen ýyla garanyňda şu ýylyň noýabr aýynda 5,597 sany ulaga ýetdi. Bu barada “China Automotive Information Net” habar berýär.

Kompaniýa Hytaýyň bazaryna uly bil baglaýar, sebäbi dünýäde elektrik awtoulaglarynyň satuwynyň 50 göterimine golaýy Hytaýyň paýyna düşýär.

“Tesla”-nyň Hytaýda öndürilen “Model 3” kysymly elektrik awtoulagynyň başlangyç bahasy 50 müň amerikan dollaryna barabar bolar, bu bolsa import edileninden arzandyr. Geljekde kompaniýa ulaglaryň bahalaryny 20 göterim ýa ondan artyk azaltmagy meýilleşdirýär.

“Telsa” 2003-nji ýylda esaslandyrylan amerikan kompaniýasy bolup, elektrik awtoulaglaryny öndürýär we “SolarCity” şahamçasynyň üsti bilen elektrik energiýasyny saklamakda çözgütleri hödürleýär.