Daşkentde multimodal ugruň ösüşi boýunça ylalaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşkentde multimodal ugruň ösüşi boýunça ylalaşdylar
Duşuşyga gatnaşyjylar halkara multimodal ugrunyň wajypdygy barada ylalaşdylar. Surat: “Özbegistan demir ýollary”

Daşkent şäherinde 19-20-nji dekabr aralygynda Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň demirýol agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada “Özbegistan demir ýollary” paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýty habar berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar halkara multimodal “Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa –Ýewropa” ugruny ösdürmegiň wajypdygy barada ylalaşdylar. Bu ugur tizleşdirilen ýük otlularyny geçirmek we bir umumy tarifi döretmek bilen Merkezi Aziýanyň Kawkaz ýurtlary bilen bir hatarda Ýewropa we Aziýa sebitleri bilen söwdany artdyrmagyna mümkinçilik döreder.

Duşuşykda ýükleri artdyrmak we “Kaşgar-Oş (awtomobil gatnawyny ýola goýmak bilen)-Andižan-Farab-Türkmenbaşy Halkara deňiz porty-Alýat porty-Gardabani” we yzy bilen Gruziýanyň portlary ýa-da “Ahalkaly-Kars-Türkiýäniň portlary” ugurlarynyň logistika infrastrukturasyny ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijesinde taraplar döwletleriň çäginden geçýän ýük otlulary üçin ýörite üstaşyr tarifleriniň möçberini, şol sanda deňiz gatnawlarynyň ýagdaýlaryny kesgitlediler.

Şeýle-de maslahatda döwletleriň Serhet we Gümrük gulluklary tarapyndan çaltlandyrylan ýagdaýda geçiriş meselelerine seredildi.

2020-nji ýylyň birinji çärýeginde multimodal ugur boýunça ilkinji ýük otlusynyň goýberilmegi meýilleşdirildi.

2022