Türkmenistan Özbegistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Özbegistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girdi
Ýanwar–dekabr aýlarynda Türkmenistandan Özbegistana umumy bahasy $374,1 milliona barabar bolan harytlar eksport edildi.

Türkmenistan Özbegistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girmegi başardy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň daşary söwda boýunça hasabatynda habar berilýär.

2019-njy ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 90 göterim artyp, 457,8 million amerikan dollaryna barabar boldy.

Hasabat döwründe Türkmenistandan Özbegistana umumy bahasy 374,1 million amerikan dollaryna barabar bolan harytlar eksport edilip, Türkmenistana getirilen import önümleriniň bahasy 83,7 million dollara deň boldy.

Iki ýurduň arasynda umumy haryt dolanyşygy 2018-nji ýylda 274 million amerikan dollaryna we 2017-nji ýylda 159 amerikan dollaryna ýetipdi.

Goňşy ýurduň Türkmenistana iberýän harytlarynyň arasynda ulag serişdeleri, mineral dökünler, gurluşyk materiallary, elektrik we mehaniki enjamlar, demir önümleri agdyklyk etse, Türkmenistanyň Özbegistana eksport edýän önümleriniň arasynda nebit we nebithimiýa önümleri, polimerler, nah ýüplükler we aýna ýaly harytlar bar.

Şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan Özbegistana elektrik energiýasynyň eksportyny ýola goýdy. Häzirki wagtda Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

2022