Türkmenistanyň Gümrük gullugy elektron ulgama birigýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Gümrük gullugy elektron ulgama birigýär
2019-njy ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, ähli gümrük düzgünlerinde synag taslamalary ulanyşa girizildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 1-nji ýanwardan başlap, ýurduň gümrük edaralarynda amallary “ASYCUDA World” ulgamynda elektron görnüşde resmileşdirmäge doly başlady. Bu barada Gümrük gullugynyň resmi saýty habar berýär.

Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda “ASYCUDA World” atly utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tehniki hyzmatdaşlyk baradaky taslamalaýyn Ylalaşygyň çäginde ýurduň ähli gümrük edaralarynda harytlaryň elektron deklarirleme tejribesi tapgyrlaýyn işe girizilýär.

UNCTAD-iň wekilleriniň gatnaşmagynda, Aşgabat şäheriniň gümrük edaralarynda gözegçiler üçin okuw maslahaty gurnaldy. Bu okuw maslahaty gümrük deklarasiýasynyň berilmeginiň, hasaba alynmagynyň we goýberilmeginiň täze tertibiniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, “ASYCUDA World” maglumatlar ulgamynda gümrük deklarasiýalar bilen işlemek boýunça okuwa gönükdirildi.

Türkmenistanyň gümrük edaralarynda gümrük üstaşyr ulgamy eýýäm doly işe girizilipdi, şeýle-de eksporty gümrük taýdan resmileşdirmegiň synag taslamasy hem ýola goýlupdy. Ulgam üstünlikli barlagdan geçenden soňra 1-nji dekabrdan başlap, ähli gümrük düzgünlerinde synag taslamasy ulanyşa girizildi.

Gümrük maglumatlarynyň awtomatlaşdyrylan ulgamy (ASYCUDA) ýurtlaryň gümrük gulluklarynyň dolandyrylyşy boýunça UNCTAD tarapyndan işlenip taýýarlanan elektronlaşdyrýan ulgamdyr. “ASYCUDA World” bu ulgamyň iň soňky görnüşi bolup, 90-dan gowrak ýurtda, çäklerde we sebitlerde gurnaldy we ulanylmaga başlandy.

2022