Gümrük amallarynyň öňünden hasaba alnyşy ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gümrük amallarynyň öňünden hasaba alnyşy ýola goýuldy
Hojalyk dolandyryş direksiýasynyň resmi saýtynda gümrük amallarynyň öňünden hasaba alnyşy online görnüşinde ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Hojalyk dolandyryş direksiýasynyň “terminal.gov.tm” saýty täzelenip, onda gümrük amallarynyň öňünden hasaba alnyşy online görnüşinde ýola goýuldy.

Harytlar we ulag serişdeleri barada deslapdan maglumat alyşmak gümrük amallaryny elektron esasda alyp barmaga, gümrük edaralary bilen daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň arasynda maglumat alşygyny üpjün etmäge, berilýän kagyz resminamalarynyň we resmileşdirmegiň wagtynyň azalmagyna mümkinçilik berer.

Degişli elektron maglumatlar internet ulgamy arkaly islendik enjamlaryň üsti bilen ugradylyp we alnyp bilinýär. Deslapky elektron maglumatlarda deklarantlar, berilýän resminamalar, alyjy we daşaýjylar, ulag serişdeleri, ulag kompaniýasy, sürüji, harytlar, olaryň bahalary gümrük edaralary tarapyndan talap edilýän beýleki maglumatlar görkezilýär. Ol maglumatlar ýeke-täk gümrük maglumat ulgamyna berlip, gümrük resmileşdirmesi üçin zerur elektron resminamany emele getirýär.

Harytlar we ulag serişdeleri Türkmenistanyň gümrük serhediniň çägine gelende deslapdan berlen elektron maglumatlar esasynda doldurylan degişli resminama tassyklanandan soňra gümrük taýdan resmileşdirme amallary gysga wagtda amala aşyrylýar.

Gyzyklanma bildirýänler Hojalyk dolandyryş direksiýasynyň resmi saýtynda ýük operasiýalarynyň, terminalda wagtlaýyn saklamagyň, gümrük ammarlarynyň, duralgalaryň we myhmanhananyň nyrhlary barada maglumat alyp bilerler.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Hojalyk dolandyryş direksiýasy Halkara söwda işinde daşalýan ýükler bilen amallary geçirmek we olary saklamak hyzmatlaryny etmek boýunça 2014-nji ýylda döredildi.

Direksiýa edara görnüşindäki tarap bolmak bilen doly hojalyk hasaplaşygy we öz-özüni maliýeleşdirmek ýörelgelerinde işleýär.

2022