ABŞ-niň döwlet sekretary Merkezi Aziýada saparda bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
ABŞ-niň döwlet sekretary Merkezi Aziýada saparda bolar
Nýu-Ýorkda 2019-njy ýylyň sentýabrynda ABŞ-niň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň gatnşamagynda C5+1 formatyndaky duşuşyk geçirildi.

Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleri bilen ABŞ-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin meýdança hökmünde ýola goýlan C5+1 formatyndaky duşuşyk geçiriler. Bu barada ABŞ-niň Aşgabatdaky ilçihanasynyň saýty habar berýär.

6-njy ýanwarda geçiriljek duşuşyga Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň baş diplomatlary bilen ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo gatnaşar.

“Duşuşykda Owganystanda parahatçylygyň ýola goýulmagy, Merkezi Aziýada ykdysady howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň saklanylmagy boýunça maslahat ediler” diýlip, habarda aýdylýar. Şeýle hem gatnaşyjylaryň has sepleşen, has rowaç we has howpsuz Merkezi Aziýa ugrundaky bilelikdäki tagallalar barada pikir alyşmaklaryna garaşylýar.

ABŞ-niň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Daşkentde boljak günlerinde Özbegistanyň prezidenti we Daşary işler ministri bilen duşuşygyna garaşylýar.

Şeýle hem Pompeo Özbegistan saparynyň öňýanynda Gazagystanda bolup, ýurduň baştutany we ilkinji prezidenti bilen duşuşar.

C5+1 formaty Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-niň arasyndaky gatnaşyklar üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu ýygnak ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.

2022