Täjigistan we Owganystan demir ýoluny gurmak boýunça ylalaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täjigistan we Owganystan demir ýoluny gurmak boýunça ylalaşdylar
Atamyrat–Ymamnazar–Akina demir ýolunyň gurluşygy

Täjigistan bilen Owganystanyň hökümetleri duşenbe güni Duşanbe şäherinde iki ýurduň arasynda demir ýoluny gurmak barada Ylalaşyga gol çekdiler. Bu gurluşygyň Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýoly taslamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýelemegine garaşylýar.

Täjik telegraf agentliginiň habar bermegine görä, resminama Täjigistanyň Transport ministri Hudoýor Hudoýorzada we Owganystanyň demir ýollary müdirliginiň ýolbaşçysy Muhammad Ýamo Şams tarapyndan gol çekildi.

“Ylalaşyk geçen ýylyň iýul aýynda Söwda-ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça täjik-owgan hökümetara mejlisiniň dowamynda gazanyldy” diýlip, Täjigistanyň Transport ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Täjigistanyň Transport ministrligi Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýoly taslamasyny durmuşa geçirmekde binýat boljak Ylalaşygyň strategik taýdan wajyplygyna ünsi çekdi.

Şeýle-de Ylalaşygyň Hytaý–Gyrgysyztan–Täjigistan–Owganystan–Eýran halkara demir ýoly taslamasyny durmuşa geçirmäge itergi berjekdigine garaşylýar.

Demir ýol taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Aziýa Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demir ýoly taslamasynyň birinji tapgyry bolan 88 kilometrlik Atamyrat–Ymamnazar–Akina demir ýoly 2016-njy ýylyň noýabr aýynda ulanmaga berildi. Bu taslamanyň Ýew­ro­pa­ny we Azi­ýa­ny bir­leş­dir­ýän ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry­nyň hal­ka­ra ul­ga­my­nyň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rü­lmegine garaşylýar.