“EastMed” gazgeçirijisiniň gurluşygy boýunça ylalaşyga gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“EastMed” gazgeçirijisiniň gurluşygy boýunça ylalaşyga gol çekildi
“EastMed” gazgeçirijisiniň gurluşygyna başlamak boýunça Gresiýa–Kipr–Ysraýyl tarapyndan üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekildi.

Penşenbe güni Gresiýanyň paýtagty Afina şäherinde “EastMed” gazgeçirijisiniň gurluşygyna başlamak boýunça Gresiýa–Kipr–Ysraýyl tarapyndan üçtaraplaýyn ylalaşyga gol çekildi. Bu barada “Reuters” habar berýär.

Gol çekişlik dabarasyna Gresiýanyň premýer-ministri Kiriakos Misotakis, Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu we Kipr Respublikasynyň prezidenti Nikos Anastasiadis gatnaşdylar.

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) “EastMed”-da 2015-nji ýylda “Gyzyklanma bildirýän taraplaryň taslamasy” adyny berdi we tehniki-ykdysady binýady üçin 2 million ýewro bölüp berdi. Taslamananyň ýarym bahasyny ÝB-niň öz üstüne almaklygy baradaky çözgüt 2022-nji ýylda Brýusselde kabul ediler.

Beýleki ýarysyny bolsa, “DEPA” grek gaz kompaniýasy we “Edison” italýan energetika kompaniýasy özüniň bilelikdäki “IGI Poseidon” kärhanasynyň üsti bilen öz üstüne almaga taýyndyklaryny aýtdylar.

Guruljak gazgeçirijisi Italiýa we beýleki Günorta Ýewropa ýurtlaryna gazyň iberilmegi babatdan wajyp orny eýeleýär.

“EastMed” gazgeçirijisi dünýäde deňizasty gazgeçirijileriniň iň uzyny bolar. Onuň umumy uzynlygy 1900 kilometr bolup, bahasy 7 milliard ýewro barabardyr. 2025-2026-nji ýyllarda bu gazgeçirijisiniň işe girizilmegine garaşylýar.