Türkmenabadyň obasenagat toplumy 54 müň tonna buýan köküni işledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenabadyň obasenagat toplumy 54 müň tonna buýan köküni işledi
2019-njy ýylda buýanyň goýy we gury ekstratlarynyň eksporty 104 göterimden, baglanan buýan köküniň eksporty 105 göterimden ybarat boldy.

Türkmenabatdaky “Buýan” obasenagat toplumy 2019-njy ýylda 54 müň tonnadan gowrak buýan köküni ýygdy.

“Türkmendermansenagat” birleşigine degişli bolan obasenagat toplumy ýyllyk meýilnamany 102 göterimden gowrak berjaý etdi.

Ýüz ýyldan gowrak taryhy bolan kärhanada 300-den gowrak adam zähmet çekip, Amyderýanyň sag we çep kenarynda jemi 10 topar buýan köküni ýygýar.

Geçen ýylyň dowamynda buýanyň goýy we gury ekstratlaryny daşary ýurda ibermek boýunça 104 göterim, baglanan buýan köküni eksport etmek boýunça 105 göterim ösüş gazanyldy.

Buýanyň “Ural” we “Süýji buýan” görnüşleri senagat taýdan özleşdirilmäge ukyplydyr.

“Buýan” obasenagat toplumy önümlerini esasan-da Serbiýa, Hytaýa, Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirliklerine we Hindistana eksport edýär.

2022