“Merkezi Aziýa–Hytaý” gazgeçirijisinden 47.9 milliard kub metr gaz iberildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Merkezi Aziýa–Hytaý” gazgeçirijisinden 47.9 milliard kub metr gaz iberildi
2019-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli “Merkezi Aziýa – Hytaý” gazgeçirijisinden Hytaýa 294.6 milliard kub metr tebigy gazyň importy amala aşyryldy.

2019-njy ýylda Merkezi Aziýadan, esasan-da Türkmenistandan Hytaýa tebigy gazyň 47.9 milliard kub metri iberildi. Bu barada Hytaýyň “Sinhua” habar agentligi “PetroChina West Pipeline Company” kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.

Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli “Merkezi Aziýa – Hytaý” gazgeçirijisinden Hytaýa 294.6 milliard kub metr tebigy gazyň importy amala aşyryldy. Bu bolsa, 27 sany welaýatyň, etraplaryň, sebitleriň we Gonkong ýörite administratiw etrabynyň 500 million ilatynyň tebigy gazdan peýdalanmagyna goldaw boldy.

Umumy uzynlygy 1,833 kilometr we geçirijilik kuwwaty ýylda 60 milliard kub metre deň bolan Hytaýda ilkinji transmilli gazgeçirijisi 2009-njy ýylyň dekabr aýyndan başlap, 10 ýyl bäri durnukly we howpsuz ýagdaýda işleýär. Hytaý bu gazgeçirijisinden ýurtda bir ýylyň dowamynda peýdalanylýan gazyň 15 göterimini import edýär.

“Merkezi Aziýa – Hytaý” Hytaýa tebigy gazyň eksportyny amala aşyrmakda esasy gazgeçirijidir. Gazgeçiriji üç A, B we C turbalaryndan ybarat bolup, tebigy gaz türkmen-özbek serhedinden Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa iberilýär. Häzirki wagtda dördünji D turba geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar.

2022