Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda ilkinji onlukda

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan benziniň iň arzan ýurtlarynyň sanawynda ilkinji onlukda
Türkmenistan A-95 benziniň $0.43 bahasy bilen dünýäde sekizinji orunda durýar.

Türkmenistan 2019-njy ýylda dünýäde benziniň iň arzan ýurtlarynyň hatarynda ilkinji onluga girdi. Bu barada “GlobalPetrolPrices” saýty habar berýär.

A-95 benziniň $0.43 bahasy bilen dünýäde sekizinji ýerde durýan Türkmenistanyň yzyndan $0.46 bilen Gazagystan, $0.47 bilen Azerbaýjan gelýär. Bu üç ýurt GDA ýurtlary boýunça ilkinji üçlügi düzýär.

“Dünýäde benziniň bir litriniň ortaça bahasy 1.12 ABŞ dollary boldy” diýip, “GlobalPetrolPrices” habar berýär.

Sanawyň başyny 0.001 ABŞ dollary bilen Wenesuela çekýär. Ýangyjy iň gymmat bahadan sarp ediji Gonkongdyr. Bu ýeriň sarp edijileri benziniň litrine 2.32 ABŞ dollaryny töleýär.

Türkmenistanda A-95 ýangyjy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýär.

Şeýle hem Türkmenistanda ECO-93 görnüşli dünýäde ilkinji gazdan benzin öndürýän zawod geçen ýylyň iýun aýynda açylyp ulanmaga berildi.

2022