“Türkmen aýna önümleri” kärhanasy eksportyň möçberini köpeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen aýna önümleri” kärhanasy eksportyň möçberini köpeldýär
“Türkmen aýna önümleri” kärhanasy ýylda dury aýnanyň 7.2 million inedördül metrini öndürmäge ukyply.

“Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň önümlerine sebitiň ýurtlarynda hyrydary köpelýär. Häzirki güne çenli dürli görnüşli aýnalar Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan ýaly ýurtlara eksport edildi.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhana ýylda dury aýnanyň 7.2 million inedördül metrini, tonirlenen aýnanyň 1 million inedördül metrini, taplanan aýnanyň 300 müň inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň inedördül metrini we aýna paketleriniň 400 müň inedördül metrini öndürmäge ukyplydyr.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine degişli “Türkmen aýna önümleri” kärhanasy önümçiliginde ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanýar. Kärhana 24 gektar meýdany eýeläp, onuň sebitde meňzeşi ýokdur.

Aýna önümçilik kärhanasynda diňe bir gurluşyk maksatly aýnalar öndürilmän, buýurmalar esasynda 15 görnüşli çüýşe gaplary hem öndürilýär. Bu buýurmalar türkmen telekeçileriniň önümçiliginde, lukmançylykda we hojalykda ulanylýar.

2018-nji ýylyň fewralynda açylan “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynda Germaniýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Finlýandiýanyň tehnologiýa enjamlary ornaşdyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022