Paýtagtyň kärhanasy gyzgyna durnukly kerpiçleriň önümçiligini 3,500 tonna ýetirmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Paýtagtyň kärhanasy gyzgyna durnukly kerpiçleriň önümçiligini 3,500 tonna ýetirmekçi
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky demirbeton önümleri kärhanasy 2020-nji ýylda 3,500 tonna gyzgyna durnukly kerpiç öndürmegi meýilleşdirýär.

“Türkmendemirbetonönümleri” döwlet kärhanasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky demirbeton önümleri kärhanasy geçen ýyl 1,500 tonna gyzgyna durnukly kerpiç öndürdi. Kärhana 2020-nji ýylda önümçiligi 3,500 tonna ýetirmegi meýilleşdirýär. 

Işe girizilenine birnäçe aý bolan bu kärhana ýurtda senagat peçlerini gurmak we dikeltmek, şeýle hem ojaklary gurmak üçin gyzgyna durnukly kerpiç öndürýän ýeke-täk kärhanadyr.

Kerpiçleriň önümçiliginde esasy çig mal hökmünde, Balkan welaýatynda ýerleşýän känden alynýan, eremegi kyn bolan kaolin palçygy ulanylýar. Bu çig malyň ulanylmagy 1,200 gradus gyzgynlyga çydamly we ençeme gezek gyzmaga we sowamaga ukyply kerpiçleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

“Türkmendemirbetonönümleri” döwlet kärhanasynyň Daşoguz, Baýramaly, Türkmenabat şäherlerinde ýerleşýän zawodlary hem gurluşyk desgalary üçin dürli görnüşli demirbeton önümlerini öndürýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022