Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi ŞHG-niň Baş sekretary bilen görüşdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi ŞHG-niň Baş sekretary bilen görüşdi
Duşuşykda Türkmenistan bilen ŞHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegi boýunça pikir alşyldy. Surat: ŞHG

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sekretariatynda çarşenbe güni ŞHG-niň Baş sekretary Wladimir Norow bilen Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýewiň duşuşygy geçirildi. Bu barada ŞHG-niň sekretariatynyň resmi saýty habar berýär.

Ilçi P.Durdyýew ŞHG-niň köpugurly işlerine we Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berip, şu ýylyň dowamynda Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler barada gürrüň berdi.

Türkmen diplomaty ŞHG-niň Baş sekretaryna şu ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “Bitaraplyk syýasaty we onuň parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça möhüm orny” atly Halkara maslahatyna gatnaşmak baradaky Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygyny gowşurdy.

Öz gezeginde Norow türkmen Liderine çakylyk üçin hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyk saklaýandygyny belledi. Diplomaty ŞHG-niň alyp barýan işleri bilen tanyşdyran Norow bu gurama bilen innowasiýalar, sanlaşdyrmak we elektron söwdasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ünsi çekdi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylyň iýun aýynda esaslandyrylyp, onuň edara binasy Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde ýerleşýär. Guramanyň esasy maksady agza döwletleriň arasynda parahatçylygy has-da berkitmekden, hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, söwda-ykdysady, medeni, energiýa, ulag-aragatnaşyk, ylym-tehnika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybarat bolup durýar.

2022