Daşoguzda soýanyň täze sorty döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda soýanyň täze sorty döredildi
Soýa ýaz hem tomus möwsümlerinde ösüp, onuň düzüminden ýag we beloklar alnandan soň gabyk galyndylary mal we guş iýmlerini taýýarlamakda ulanylýar.

Daşoguz şäheriniň Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-önümçilik merkezinde hasyllylygy ýokary, kesele çydamly, ýurduň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan däne kösükli ekinleriň görnüşlerini döretmekde seçme işleri alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Merkeziň bilermenleri tarapyndan soýanyň “Berkarar” atly täze görnüşi döredildi. Soýanyň bu görnüşi ýurduň sebitleriniň toprak-howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. Onuň ösüş döwri 120-125 gün bolup, ortaça 18-20 göterim ýagdan we 35-37 göterim belokdan ybaratdyr.

Geçirilen birnäçe synaglaryň netijesinde soýanyň bu görnüşiniň gurakçylyga durnuklylygy ýüze çykdy. Ösümligiň beýikligi dürli tebigy şertlerde 77 santimetrden 85 santimetre çenli bolup, 1,000 sany dänäniň agramy 126-134 grama ýetýär. Bu görnüşiň hasyllylygy geçen üç ýylyň dowamynda geçirilen sort synag bäsleşiginiň dowamynda 1 gektardan 32 sentnere barabar boldy, ýagny “Garagum” görnüşi bilen deňeşdireniňde 7.9 s/ga ýokary.

Soýanyň bu täze görnüşi resmi tarapdan hiline baha berilmegi üçin Türkmenistanyň tohumçylyk we sort synag döwlet gullugyna iberildi. Bu proses 1-3 ýyl dowam edip, täze görnüşli önümçiligi ýola goýmakda talap edilýän şertdir.

Soýa ýaz hem tomus möwsümlerinde ösüp, onuň düzüminden ýag we beloklar alnandan soň gabyk galyndylary mal we guş iýmlerini taýýarlamakda ulanylýar.

2022