Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky pagta-egirme fabriginde geçen 2019-njy ýylda 4,100 tonna nah ýüplükler öndürilip, meýilnama 102.7 göterim amal edildi.
Fabrigiň önümleri esasan-da Türkiýä we Russiýa ugradylýar. Şu ýylyň dowamynda eksport edilýän ýurtlaryň sanyny artdyrmak üçin işler alnyp barylýar.
1997-nji ýylda açylan fabrikde ýedi bölüm bolup, desga jemi 5.25 gektar meýdany eýeleýär.
Dokmaçylyk desgasy döwrebap tehnologiýalar bilen doly enjamlaşdyrylan. Häzirki wagtda bu ýerde 390 hünärmen zähmet çekýär.