Geçen hepdäniň anna güni Özbegistanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ilham Nýomatow Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazguly Mämmedowy kabul etdi. Bu barada Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.
Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda hereket edýän ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň jemini jemlediler.
Diplomatlar ýurtlaryň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, maliýe goýum, transport-kommunikasiýa, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer pudaklarynda hoşniýetli gatnaşyklaryň dowam edýändigini bellediler.
Gepleşikleriň barşynda, şeýle hem 2020-nji ýylda geçiriljek bilelikdäki ýokary derejeli we beýleki çäreleriň tertibi barada pikir alşyldy.
Ý.Mämmedow 2018-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Özbegistanda Türkmenistanyň ilçisi wezipesini ýerine ýetirip gelýär.
Türkmenistan 2019-njy ýylyň ilkinji 11 aýynyň jemleri boýunça Özbegistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girdi. Iki goňşy ýurduň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberi 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 90 göterim artyp, 457,8 million amerikan dollaryna barabar boldy.