Türkmen banklary müşderilerini “Cash back” bilen nagt däl amallara höweslendirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen banklary müşderilerini “Cash back” bilen nagt däl amallara höweslendirýär
“Cash back” “Halkbank” we “Türkmenistan” banklarynyň ähli müşderileriniň “Altyn Asyr” kartlaryna hem-de “Rysgal” bankynyň “Maestro” bank kartlaryna degişlidir.

Türkmenistanyň “Halkbank” we “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banklary, şeýle hem “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky şu ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap, “Cash back” hyzmatyny ýola goýdular.

Bu bank hyzmaty Türkmenistanyň “Halkbank” we “Türkmenistan” banklarynyň ähli müşderileriniň “Altyn Asyr” kartlaryna hem-de “Rysgal” bankynyň “Maestro” bank kartlaryna degişli bolup durýar.

Müşderiler söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlar we hyzmatlar üçin nagt däl görnüşinde hasaplaşyk geçirenlerinde, ähli amallaryň “Türkmenistan”-yň karty üçin 0.5%-i, “Halkbank”-yň karty üçin 1.5%-i, “Rysgal”-yň “Maestro” karty üçin 3%-i “Cash back” görnüşinde yzyna gaýtarylýar.

Şeýle hem, “Türkmenistan” banky talyp haklary, esger haklary hem-de döwlet kömek pullary geçirilýän “Altyn Asyr” bank kartlary boýunça “Cash back” hyzmatynyň pul sylagyny 1% derejesinde kesgitledi.

Ulanylýan kartlar üçin pul sylagy indiki aýyň 5-ine çenli müşderiniň bank kartlaryna geçirilýär.

Ýurduň banklarynda “Cash back” hyzmatlaryny ornaşdyrmak meselesine Türkmenistanyň Hökümetiniň 2019-njy ýylyň 15-nji noýabryndaky mejlisinde seredilipdi.

“Cash back” bank hyzmaty – bu bank kartlary arkaly harytlar we hyzmatlar nagt däl görnüşinde satyn alnanda müşderini höweslendirmek maksady bilen bank kartynyň hasabyna tölenýän pul sylagy bolup durýar.