Türkmenistanda etraplary oba hojalyk serişdeleri bilen üpjün etmegiň tertibi tassyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda etraplary oba hojalyk serişdeleri bilen üpjün etmegiň tertibi tassyklandy
Türkmenistanda täze bellenilen borçnama laýyklykda 1 million 250 müň tonna “ak altyn” hasylyna garaşylýar.

Türkmenistanda 2020-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň hem-de önümleri öndürmegiň, gowaça hasylyny ýetişdirmegiň we suwdan peýdalanmagyň tertibi tassyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyna degişli Kararlara welaýat häkimleriniň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewiň gatnaşmagynda duşenbe güni geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda gol çekdi.

Karar Türkmenistanyň etraplarynda oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, hususan-da, gowaça ekişini ýokarlandyrmak, gowaça tohumy, dökünler we suw serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça tabşyryklary öz içine alýar.

Şu ýyl ýurtda gowaça ekiljek meýdanlaryň möçberi artdyrylyp, täze bellenilen borçnama laýyklykda 1 million 250 müň tonna “ak altyn” hasylyna garaşylýar. Bu görkeziji 2019-njy ýylda ýygnalan hasyla garanyňda 190 müň tonna artyk diýmekdir.

Häzirki wagtda ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri hem ýerine ýetirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022