Aziýa ösüş banky Türkmenistanyň elektrik we TOPH taslamalaryny goldamaga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aziýa ösüş banky Türkmenistanyň elektrik we TOPH taslamalaryny goldamaga taýýar
AÖB-niň Türkmenistan boýunça direktory Çang Çing Ýu: “Biziň bankymyzyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň esasy maksady ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr”. Surat: "centralasia.news"

Aziýa ösüş banky (AÖB) Türkmenistan bilen ynamdar we ygtybarly hyzmatdaş bolmaga, Türkmenistanyň elektrik we TOPH taslamalaryny goldamaga taýýar. Bu barada AÖB-niň Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça di­rek­to­ry Çang Çing Ýu türkmen metbugatynyň wekilleri bilen geçiren söhbetdeşliginde belläp geçdi.

AÖB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň esasy maksadynyň ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakdan hem-de Türkmenistany sebitleýin hyzmatdaşlykda we integrasiýada möhüm halka öwürmekden ybaratdygyny aýdan Çang Çing Ýu: “Bu strategik maksatlara ýetmek üçin biz ýurduň Hökümeti bilen köp sanly taslamalary amala aşyrdyk we bu işleri häzir hem dowam etdirýäris” diýip belledi.

“Biz Türkmenistan bilen AÖB-niň arasynda 2020 – 2022-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurduň elektrik geçiriji ulgamlaryny, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny goldamak, demir ýol ulgamy boýunça işleri kämilleşdirmek, ýerli banklar arkaly ýurduň kiçi we orta telekeçilerine berilýän karzlaryň mukdaryny artdyrmak hem-de saglyk ulgamyny ösdürmäge ýardam bermek ýaly möhüm wezipeleri durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys” diýip, Ýu bankyň ýakyn geljekdäki meýilleşdirýän işler barada aýtdy.

Geçen ýylyň awgust aýyndan bäri Türkmenistan boýunça bankyň direktory wezipesini ýerine ýetirip gelýän Çang Çing Ýu söhbetdeşlikde amatly geosyýasy we geoykdysady çäkde ýerleşen, tebigy baýlyklaryň gorlaryna baý bolan Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde ähmiýetli orun eýeleýändigini hem belledi.

AÖB bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy 2000-nji ýylda başlandy. 2018-nji ýylyň noýabr aýynda AÖB 2019-2021-nji ýyllar boýunça Türkmenistanda alyp barjak işleriniň meýilnamasyny kabul etdi. Bu meýilnama 150 million dollarlyk karz bermegi, şeýle hem ýurduň ulag we üstaşyr geçelgelerine, eksport ugurlaryna we hususyýetçiligi ösdürmegi maksat edinýän taslamalara 690 million dollarlyk maliýe goldawyny bermegi öz içine alýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022