Ýaşyldepede nebiti artyk gazyp almagyň üstünde işlenilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýaşyldepede nebiti artyk gazyp almagyň üstünde işlenilýär
Ýaşyldepe nebit ýatagy ýylyň başyndan bäri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny 10 müň tonna çig mal bilen üpjün etdi.

Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Ýaşyldepe nebit ýatagy ýylyň başyndan bäri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny (SNGIZ) 10 müň tonna çig mal bilen üpjün etdi.

76 kilometrlik nebit geçirijisinden akdyrylýan “gara altyn” Halaç etrabyndaky Pelwert nebitguýujy terminalyna, ol ýerden hem demir ýol bilen SNGIZ-e ugradylýar.

Ýaşyldepe nebit ýatagy senagat taýdan özleşdirilmäge başlanandan bäri gaýtadan işlemek üçin millionlarça tonna uglewodorod çig maly bilen nebit zawodyny üpjün etdi. Geçen ýyl gazylyp alnan nebitiň möçberi 200 müň tonna ýetip, göz öňünde tutulýan meýilnamadan köp alyndy.

Ýaşyldepede zähmet çekýän 420-ä golaý hünärmen, şu ýyl hem görkezijini artdyrmagy göz öňünde tutýar.

SNGIZ-iň önümçiligi 2019-njy ýylda 116.8 göterime ýetip, 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 101.1 göterim artdy.

Şeýle hem Seýdiniň nebit kärhanasy geçen ýylyň dowamynda benziniň 222 müň tonnasyny, ýol bitumynyň 33.5 müň tonnasyny öndürip, sarp edijilere ugratdy.

2022